Türkmenistandan Azerbaýjana baryp gören syýahatçylaryň sany üç esse artdy

18.05.2023, 14:3313,208

2023-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň 1900 raýaty Azerbaýjana gelip gördi diýip, Azerbaýjanyň döwlet syýahatçylyk gullugyna salgylanýan Trend habar berýär.

Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijilerden üç esse ýokarydyr (621 adam).
Agentligiň maglumatlaryna görä, Türkmenistan 2023-nji ýylyň aprelinde raýatlary Azerbaýjana baryp gören ýutlaryň top-15 sanawyna girdi.
Şu ýylyň aprel aýynda Azerbaýjana 154 233 sany daşary ýurtly raýat geldi, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 82,74 % köp (84 402).
2022-nji ýylda Türkmenistanyň 11  müň 188-den gowrak raýatynyň Azerbaýjana baryp görendigini bellemek gerek, bu bolsa 2021-nji ýyldakydan (2 738 adam) dört esse köpdür.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.