«Türkmenhowaýollary» agentligi «Boeing» kompaniýasynyň 6 sany howa gämisini satyn alar

11.06.2023, 12:1528,123

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi 4 sany “Boeing 737-8” kysymly howa gämisini satyn almak barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Boeing” kompaniýasy bilen, 2 sany “Boeing 777-367ER” kysymly howa gämisini satyn almak barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “TMHCC-AIR 1 LLC” we “TMHCC-AIR 2 LLC” kompaniýalary bilen üçtaraplaýyn şertnamalary baglaşar. Munuň üçin degişli ygtyýar berýän resminama Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Resminama howa gämileriniň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.