Türkmenistandan Azerbaýjana syýahatçylaryň sany 4 essä golaý artdy

23.06.2023, 16:2614,807

2023-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Türkmenistandan Azerbaýjana baryp gören syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,9 esse artdy. Bu hili maglumatlary Azerbaýjanyň Statistika boýunça döwlet komiteti getirýär.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Azeraýjana 176 döwletiň raýaty baryp gördi, syýahatçylyk akymynyň artmagy 50% ýokarlandy. Syýahatçylaryň agzalabasy Russiýadan (32,4%), Türkiýeden (20%) we Eýrandan (8,1%) gelipdir. Türkmenistanyň paýy 1,3%-e deň.
Şol bir  wagtda bu ýurda syýahatçylyk akymynyň artmagy boýunça Türkmenistan Hytaýdan soň ikinji orny eýeleýär. Hytaýyň raýatlarynyň Azerbaýjana syýahatçylyk akymy geçen ýylky görkezijiler bilen deňeşdirilende 6,1 esse artdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.