Özbegistanda Prezident saýlawlarynda möhletinden öň ses bermeklik başlandy

28.06.2023, 17:2312,025

28-nji iýunda Özbegistanda ýurduň prezident saýlawlarynda möhletinden öň ses bermeklik başlandy diýip, Trend agentligi çarşenbe güni Özbegistanyň Merkezi saýlaw toparyna salgylanyp habar berýär.

Möhletinden öň ses bermeklik 28-nji iýundan 5-nji iýul aralygynda geçiriler. Saýlawlaryň özi 9-njy iýula bellenildi.
Şu gezekki prezident saýlawlary Özbegistanda 2023-nji ýylyň 30-njy aprelinde sala salşyklar geçirilenden soň, Konstitusiýa üýtgeşmeler girizileni bäri geçirilýän ilkinji saýlawlardyr. Täze girizilen üýtgetmelere laýyklykda, prezidentiň ygtyýarlyklarynyň möhleti 5-den 7 ýyla çenli uzaldyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.