Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda binalary gurmak üçin bäsleşik yglan edildi

05.07.2023, 14:2435,865

Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmaly şu binalaryň taslamalaryny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär.

— şäheriň demir ýol menzilini;
— awtotoplumy we bellige alyş nokadyny;
— awtomobil menzilini;
— Gorjaw etrap häkimliginiň edara binasyny;
— saglyk öýüniň binasyny.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Arkadag şäheriniň Arkadag şaýolunyň 30-njy jaýynda ýerleşýän şäher häkimliginiň edara binasynda şu ýylyň 16-njy awgustyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
(+993 12) 52-55-71
Elektron salgysy: adk@sanly.tm

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.