Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryň sany günde 4 sapara ýetirildi

21.07.2023, 00:5124,887

«Türkmenistan» awiakompaniýasy tomus möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gitmek isleýänleriň artýandygyny nazara alyp, Aşgabatdan Türkmenbaşa we yzyna uçuşlaryň sanyny artdyrdy. Häzirki wagtda günüň dowamynda 4 sapar uçuşlar amala aşyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Habarlar merkezi habar berýär.

Belläp geçsek, Aşgabadyň Halkara howa menzili sagatda 1600 sany ýolagça  hyzmat etmäge ukyplydyr.
Häzirki wagtda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bir wagtyň özünde dynç alýanlaryň 10 müňden gowragyny kabul edip bilýän 18 sany myhmanhana, 8 sany dynç alyş we sagaldyş merkezleri, şol sanda, 1380 orunlyk çagalar dynç alyş merkezler hem-de 9 sany kottejler toplumlary işleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.