Türkmenistanly dzýudoçy Nasiba Narimanowa GDA oýunlarynda bürünç medal aldy

07.08.2023, 17:1018,458

Belarus Respublikasynyň birnäçe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň türgenleriniň gatnaşmagynda dowam edýän GDA-nyň II oýunlarynda türkmen türgenleri medally orunlara eýe bolmagy dowam etdirýär.

Ýaryşyň üçünji gününde Nasiba Narimanowa dzýudoda bürünç medalyň eýesi boldy. Ol 63 kilogram agrama çenli çykyş edip, baýrakly orny eýelemegi başardy.
Mälim bolşy ýaly, Nasiba Narimanowa Özbegistanda geçirilen Aziýanyň kubogynda kümüş medal gazanypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.