2023-nji ýylyň alty aýynda Özbegistana 29,5 müň türkmen raýaty syýahat etdi

08.08.2023, 19:1222,137

2023-nji ýylyň birinji ýarym ýylynda Türkmenistan Özbegistana gezmäge baran syýahatçylarynyň sany boýunça dünýä döwletleriniň arasynda altynjy orny eýeledi. Jemi goňşy ýurda 29,5 müň türkmen raýaty syýahata bardy diýip, Trend habar berýär.

Hasabat döwründe bu ýurda tutuş dünýäden jemi 3,1 milliondan gowrak daşary ýurt raýatlary geldi. Habar berilişine görä, Özbegistana gezmäge gelen syýahatçylarynyň sany boýunça birinji orny Täjigistan (958,5 müň), ikinji orny Gyrgyzystan (786,4 müň), üçünji orny Gazagystan (764,4 müň) eýeleýär.
Russiýa hem-de Türkiýe degişlilikde dördünji we bäşinji orny eýelediler. Şeýle hem Özbegistan Hindistanyň, Koreýa Respublikasynyň, Germaniýanyň we Hytaýyň syýahatçylary üçin özüne çekiji boldy.
Özbegistanyň syýahatçylyk pudagy sebitde iň ösenleriň biri hasaplanylýar: bu ýurtda köpsanly taryhy-medeni ýadygärlikler, döwrebap şypahana düzümleri we beýlekiler bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.