Agyr atletikaçy Atajan Daýyýew GDA-nyň oýunlarynyň iň ýokary agram derejesinde kümüş medal gazandy

10.08.2023, 03:4720,799
1 / 2

Türkmenistanly ştangaçy Atajan Daýyýew Belarusuň Grodno şäherinde GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň agyr atletika boýunça tamamlanan ýaryşynda kümüş medal gazandy.

Agyr atletika boýunça maksatnamanyň iň soňky görnüşinde iň agyr agram derejesinde — 109 kg-dan ýokary agram derejede medallar ugrunda bäsleşildi.
Türkmen türgeni iki görnüşiň jemi boýunça 351 kg (150+201) netije görkezip, kümüş medal gazandy. Bu ugurda altyn medaly Russiýadan gelen türgen aldy — 380 kg (160+220). Bürünç medala belarusly  Danila Maskewiç eýe boldy — 194 (140+185).
Ondan öň, GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda sportuň bu görnüşi boýunça Ýulduz Jumabaýewa we Aly Babamyratow hem kümüş medal gazandy. Sangiza Bahtiýarowa bolsa bürünç medal aldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.