Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Ýaşlar jemgyýetiniň agzasy boldy

19.08.2023, 20:1911,437

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň (GYС) resmi agzasy boldy. Bu barada ÝUNESKO-nyň Sekretariatynyň Sosial we ynsanperwer ylymlary bölümçesiniň syýasat we maksatnamalar meseleleri boýunça direktory Anžela Melo Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna ýazan hatynda habar berdi.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti ýaşlar tarapyndan döredilen we dolandyrylýan özboluşly dünýä derejesindäki merkez bolup durýar. Ol ÝUNESKO-nyň Ýaşlar başlangyçlaryny we beýleki şuňa meňzeş taslamalaryň arasynda özara gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Bu Jemgyýet ýaşlary öz guramalarynyň işine giňden çekmäge, ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlyga höweslendirýär. Ol şeýle hem ÝUNESKO-nyň işine degişli taslamalary bilelikde öwrenmäge, işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge çalyşýan ýaşlar we ýaşlaryň guramalary üçin özbaşdak bilim giňişligi hökmünde çykyş edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.