Xiaomi Redmi Note 9-y, Redmi 9-y we Poco M2-ni goldamagy düýbünden bes etdi

21.08.2023, 22:149,286

Xiaomi End of Life  enjamlarynyň sanawyna üç sany smartfon modelini goşdy — Redmi Note 9, Redmi 9 we Poco M2. Enjamlaryň ömrüniň dowamlylygy gutardy, bu diňe bir howpsuzlyk täzelenmelerini almajakdygyny däl, eýsem, kompaniýanyň resmi merkezlerinde hem bejerilmejekdigini ýa-da tehniki hyzmat edilmejekdigini aňladýar.

Redmi Note 9 we Redmi 9 öz döwründe örän ýörgünli bolupdy, ýöne häzirem dünýäde millionlarça adam bu smartfonlary ulanýar. Enjamlaryň üç ýyl ozal çykandygyny göz öňünde tutup, Xiaomi-niň gelen kararyny garaşylmadyk hasaplap bolmaz, ýöne ulanyjylara abatlaýyş zerur bolanda olar üçünji tarapyň hyzmat ediş merkezleri bilen habarlaşyp bilerler, sebäbi resmi merkezlerde bu enjamlaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň asla tapylmazlygy mümkin.