2024-nji ýyldan BRIKS guramasyna alty sany täze ýurt goşular

25.08.2023, 05:5814,640

Argentina, Müsür, Eýran, BAE, Saud Arabystany we Efiopiýa 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan BRIKS guramasyna goşulyp biler. Bu barada Günorta Afrika Respublikasynyň prezidenti Siril Ramaposa BRIKS-iň 15-nji sammitinden soň geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

"Argentina Respublikasyny, Müsür Arap Respublikasyny, Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyny, Eýran Yslam Respublikasyny, Saud Arabystany Patyşalygyny we Birleşen Arap Emirliklerini BRIKS-iň doly hukukly agzasy bolmaga çagyrmak kararyna geldik. Agzalyk 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer” diýip, Günorta Afrika Respublikasynyň lideri aýtdy.

BRIK birleşigi Wladimir Putiniň başlangyjy bilen 2006-njy ýylda Braziliýa, Russiýa, Hindistan we Hytaý tarapyndan Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň (SPIEF) çäginde döredildi. Bileleşigiň ilkinji sammiti 2009-njy ýylda Ýekaterinburgda geçirildi. 2010-njy ýylda Günorta Afrika birleşige goşuldy, şondan soň birleşik  BRICS diýip atlandyrylyp başlandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.