Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentini gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady

17.06.2024, 06:466,438

Prezident Serdar Berdimuhamedow jenap Siril Ramafosa Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Siril Ramafosa tüýs ýürekden berk jan saglyk, Günorta Afrika Respublikasynyň halkynyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Siril Ramafosa GAR-yň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy. Ol Milli assambleýanyň täze düzüminiň birinji mejlisinde deputatlardan 283 ses aldy, bu hem onuň ýeňiş gazanmagyny üpjün etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.