Efiopiýaly atletikaçy Şankule 2023-nji ýyldaky dünýä çempionatynda marafonda ýeňiji boldy

26.08.2023, 16:507,845

2023-nji ýylda Budapeştde (Wengriýa) geçýän ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda zenanlaryň marafony tamamlandy. Onda efiopiýaly ylgawçy Amane Beriso Şankule ýeňiji boldy. Pellehana ikinji bolup onuň watandaşy, geçen ýyl marafonda dünýä çempiony bolan Gotitom Gebreslase geldi. Iň gowy üç ýeňijiniň sanawynyň soňunda Marokkanyň wekili Fatima-Ezzara Gardari durýar.

Şankule 42 kilometr 195 metr aralygy 2 sagat 24 minut 23 sekuntda geçdi. 

Ýeňil atletika. Dünýä çempionaty - 2023, Budapeşt. Marafon. Zenanlar. 

1. Amane Beriso Şankule (Efiopiýa) - 2:24,23 sekunt.
2. Gotitom Gebreslase (Efiopiýa) - 2:24, 34.
3. Fatima-Ezzara Gardari (Marokko) - 2:25,17.
4. Lona Çemtaý Salpeter (Ysraýyl) - 2:25,38.
5. Ýalemzerf Ýehualew-Densa (Efiopiýa) - 2:26.13.
6. Rozmari Monika Wanjiru (Keniýa) - 2:26,42.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.