Türkmen türgenleri Duşenbede suwda ýüzmek boýunça halkara ýaryşda 11 medal gazandylar

16.09.2023, 17:5114,051

Duşenbe şäherinde Türkmenistan, Täjigistan, Özbegistan, Gyrgyzystanyň hem-de Gazagystan türgenleriniň gatnaşmagynda guralan suwda ýüzmek boýunça halkara ýaryşda türkmen türgenleri jemi 11 medal gazandylar.

Türkmen türgenleri ýaryşyň birinji gününde 1 kümüş, 3 bürünç, ikinji gününde 1 altyn, 3 kümüş, ahyrky gününde hem 1 altyn, 1 bürünç, 1 kümüş medal gazanmagy başardylar.
Belläp geçsek, suwda ýüzmek boýunça halkara ýaryş Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygy hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilýän günlerine gabat geldi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.