Gazagystanyň Aktau deňiz söwda portuna halkara derejesi berildi

30.09.2023, 15:428,001

Aktau deňiz söwda porty halkara derejesini aldy diýip, Trend habar berýär.

Bu baradaky karar Gazagystanyň hökümeti tarapyndan kabul edildi.

«Aktau deňiz söwda porty halkara ähmiýetli deňiz porty derejesini bermeli. Gazagystan Respublikasynyň Ulag, Milli ykdysadyýet, Maliýe ministrlikleri şu Karardan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, bellenen kanunlar esasynda zerur çäreleri görmeli. Şu Karar gol çekilen gününden güýje girýär» diýlip, resminama bellenilýär.

Aktau deňiz portunyň ozal halkara derejesiniň bolandygyny, emma  2018-nji ýylda bu derejesini ýitirendigini bellemek gerek. Bu portuň hususylaşdyrylmagy bilen baglanyşykly çäklendirmeleri aradan aýyrmak üçin edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.