Ýaponiýanyň Sapporo şäheri 2030-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek isleginden ýüz öwürdi

13.10.2023, 16:104,029

Ýaponiýanyň demirgazygyndaky Sapporo şäheriniň we Ýaponiýanyň Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary 2030-njy ýyldaky gyşky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek baradaky isleglerinden ýüz öwürmek kararyna geldiler. Bu barada žurnalistlere komitetiň başlygy Ýasuhiro Ýamasita mälim etdi.

Şol bir wagtyň özünde Ýamasita we şäheriň häkimi Kasuhiro Akimoto şäheriň Gyşky oýunlary 2034-nji ýylda ýa-da ondan soň geçirmäge isleg bildirip biljekdigini bellediler.
Sapporo 1972-nji ýylda gyşky Olimpiýa oýunlaryny geçiripdi. Şäherde eýýäm käbir zerur infrastruktura we sport desgalary bar, ýöne ýerli häkimýetler 2030-njy ýyla doly taýýarlyk görmäge ýetişilmez diýen netijä geldiler. Sapporoda Olimpiýa oýunlaryny geçirmek baradaky pikire ýerli ýaşaýjylar hem sowuk garadylar – pikir soraşmalaryň netijelerine görä, ilatyň diňe dörtden bir bölegi bu başlangyjy goldaýar, Sapporo şäheriniň ýaşaýjylarynyň ýarysy muňa garşydy. Ýerli ýaşaýjylaryň nägileliginiň köpüsi 2021-nji ýylda Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň töweregindäki korrupsiýa dawalary bilen baglanyşykly.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.