Olimpiýa çempiony Jepçirçir ýaryşlardan üç ýyllyk çetleşdirildi

Şu gün, 13:062,255
1 / 2
Keniýaly ýeňil atletikaçy, ylgawçy Peres Jepçirçir doping düzgünlerini bozandygy üçin üç ýyl möhlet bilen ýaryşlardan çetleşdirildi. Bu barada Ýeňil atletikada ýaramaz hadysalara garşy göreş boýunça garaşsyz guramanyň (AIU) metbugat gullugy habar berdi.
Türgeniň 17-nji iýulda ýaryşdan daşary döwürde alnan dop­ing barlagynyň nusgasynda eritropoetin (EPO) maddasy ýüze çykaryldy. Bu derman serişdesi eritrositleriň öndürilmegini höweslendirýär we dokumalara kislorodyň barmasyny ýokarlandyryp, türgeniň çydamlylygyny güýçlendirýär.
27-nji oktýabrda Jepçirçir düzgün bozulmasyny boýun alyp, bellenen jeza bilen ylalaşdy. Şonuň netijesinde onuň ýaryşlardan çetleşdirilmek möhleti dört ýyldan üç ýyla çenli gysgaldyldy. Degişli möhlet 2029-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda tamamlanar.
AIU türgeniň 17-nji iýuldan soň gazanan ähli netijelerini, şol sanda awgust aýynda geçirilen Sidneý marafonyndaky ýeňşini hem ýatyrdy. World Marathon Majors kadasyna laýyklykda, doping düzgünleriniň bozulmagy bu topara degişli ähli ýaryşlara gatnaşmak hukugyndan ömürlik mahrum edip hem bilýär.
Peres Jepçirçir häzir 33 ýaşynda. Ol 2021-nji ýylda Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda marafon ylgawynda altyn medal gazandy we 2025-nji ýylda dünýä çempiony boldy. Bulardan başga-da onuň Nýu-Ýork (2021), Boston (2022) we London (2024) marafonlarynda gazanan ýeňişleri-de bar.