Köneürgenç Bütindünýä mirasynyň şäherler guramasynyň forumynda tanyşdyryldy

15.10.2023, 09:3013,015
1 / 2

Gadymy Köneürgenç şäheriniň taryhy-medeni mirasy, onuň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen binagärlik eserleri we ýadygärlikleri Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň Bütindünýä mirasynyň şäherler guramasynyň dördünji sebit forumynda tanyşdyryldy. Forum 10-13-nji oktýabrda Koreýa Respublikasynyň Kýonji şäherinde geçirildi. Oňa Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

Forumyň dowamynda şeýle hem Türkmenistanyň taryhyna we häzirki zaman ösüşine, ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerine bagyşlanan wideo görkezildi.
Sebit maslahaty ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen şäherleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin maddy we maddy däl medeni mirasy ulanmak mowzugyna bagyşlandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.