Zyýaratçylar üçin Aşgabat - Köneürgenç ugry boýunça ýörite otly gatnawy ýola goýuldy

19.10.2023, 20:0033,903

27-nji oktýabrda zyýaratçylar üçin ýörite otly Aşgabatdan Köneürgenç şäherine ugrar. Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda ýerleşýän Döwlet taryhy-medeni goraghanasyna barýan demir ýol ugry “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýola goýlar diýip, ORIENT agentligi habar berýär.

Gatnadyjynyň resmi web sahypasynda syýahatçylaryň zyýarat edip, şeýle hem Daşoguz sebitiniň täsin tebigy we taryhy ýadygärliklerine baryp biljekdikleri aýdylýar.
Köneürgenç “köne şäher” diýmegi aňladýar. Şäher - Türkmenistanyň demirgazygynda ýerleşýän orta asyr Horezmiň ýüregi we öňki paýtagty. Gadymy döwürlerde ol meşhur ýüpek ýolunyň ugurlarynyň birinde, Amyderýanyň gadymy hanasynyň golaýynda ýerleşýärdi. 2005-nji ýylda “Köneürgenç” Döwlet taryhy-medeni goraghanasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Otly peteklerini paýtagtymyzyň demir ýol menziliniň kassalaryndan satyn alyp bolýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.