Hytaý 1-nji noýabrdan syýahatçylar üçin saglyk ýagdaýy baradaky deklarasiýasyny talap etmegini bes eder

02.11.2023, 04:1712,617

1-nji noýabrdan başlap Hytaýa gelýän daşary ýurt raýatlarynyň saglyk beýannamasyny görkezmekleri baradaky talaplar ýatyryldy. Bu barada ýurduň baş gümrük gullugy habar berdi. Bu talap pandemiýanyň başyndan bäri güýjünde galyp gelýärdi.

“Hytaý Halk Respublikasynyň Serhet saglygy we karantin baradaky” kanunynyň we ony durmuşa geçirmegiň kadalaryna laýyklykda 2023-nji ýylyň 1-nji noýabryndan başlap, raýatlar respublikanyň çägine girende we çykanda saglyk beýannamasyny doldurmakdan boşadylýar" - diýip habarda aýdylýar.

Şeýle hem, syýahatçylara Hytaýa girmek üçin ýörite QR-kody almak gerek bolmaz.
Deklarasiýany doldurmaklyk diňe ýokanç keselleriň alamatlary, ýagny üsgülewügi, ýokary temperaturasy ýa-da örgüni bar bolan ýolagçylardan talap ediler.
30-njy awgustdan başlap Hytaý ýurda gelýän syýahatçylardan COVID-19 koronawirusyna barlagyň negatiw netijesini talap etmän gelýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.