Astanada Türki Döwletleriň Guramasynyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi

03.11.2023, 07:107,576
1 / 2

Şu gün, 3-nji noýabrda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitiniň öňüsyrasynda gurama agza we synçy döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi.

 

Duşuşykda guramanyň ýubileý sammitiň gün tertibindäki meseleler bilen bir hatarda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew hem gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.