Türkmenistanda her ýylyň 3-nji noýabrynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni belleniler

03.11.2023, 22:108,627

3-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň düýbüniň tutulmagy hem-de ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy.

Dabaralaryň dowamynda wise-premýer B.Annamämmedow Serdar Berdimuhamedowa şu günki dabaralara gatnaşýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek baradaky haýyş bilen döwlet Baştutanyna ýüzlendi.
Bu teklip Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan goldanyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.