Gazagystanyň ilat sany belli boldy

17.11.2023, 13:4019,860

Gazagystanyň ilat sany 20 million adama ýetdi. Bu barada Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart-Tokaýew X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi diýip, Trend ýetirýär.

«Watandaşlarymyzy bu şanly waka bilen gutlaýaryn! Bagtly maşgala — milletimiziň abadançylygynyň, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň binýady. Döwletimiz maşgala gymmatlyklaryny berkitmek, eneligi we çagalygy goramak boýunça tagallalaryny mundan beýläk hem dowam eder» - diýip, Tokaýew ýazdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.