Howa gatnawlarynyň Baş gullugynda S7, Turkish Airlines, Fly Dubai ýaly awiakompaniýalaryň biletleri satylyp başlandy

11.12.2023, 23:5023,903

Aşgabatda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň edara binasynda Russiýa Federasiýasynyň Sibir Airlines (S7), Türkiýäniň Turkish Airlines, Birleşen Arap Emirlikleriniň Fly Dubai, Emirates, Hindistanyň Air India, Kataryň Qatar Airways, Lufthansa awiakompaniýalarynyň we daşary ýurtlaryň başga-da birnäçe awiakompaniýalarynyň gönümel ýa-da üstaşyr uçuşlarynyň awiabiletleri satylyp başlandy. Bu barada TmCars-a Howa gatnawlarynyň Baş gullugynda habar berdiler.

Awiabiletler Howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň edara binasynyň 2-nji gatynyň awiakassalarynda hödürlenýär.
Awiakassalaryň iş wagty 08:00 — 20:00.
Dynç günsüz.
Görkezilen awiakompaniýalaryň awiabiletlerini resmileşdirmek üçin «Türkmenhowaýollarynyň» täze mümkinçiliklerden peýdalanyň we syýahatyňyzy ýeňilleşdiriň!

Goşmaça maglumat üçin: 39-17-72

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.