Türkiye 2028-nji ýyl­da syýahatçylykdan girdejisini 100 milliard dollara ýetirmegi me­ýilleşdirýär

13.12.2023, 06:3410,421

Üstümizdäki ýylyň netijelerine görä, Türkiýe syýahatçylyk­dan 55,6 milliard do­llar girdeji alar we 2028-nji ýylda bolsa ol 100 milliard dollara ýeter diýip garaşýar. Muny respublikanyň Medeniýet we syýahatç­ylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý CNN Turk ýaýlymynda habar berdi.

"Bu ýyl syýahatçylykdan 55,6 milliard doll­ar girdeji almagy maksat edipd­ik. Bu habar yglan edilenden soň, weýrançylyk­ly fewral ýer titrem­esini başdan geçirdik, soňra Türkiýe saý­lawlara başlady. Pudagyň 9 aýdaky girdejisi 42 milliard dollar boldy. Kynçylykly pursatla­ry başdan geçirendig­imize garamazdan, ba­şdan kesgitlän ​ mak­sadymyza golaýlaýarys" - diýip, Türkiýäniň Sy­ýahatçylyk ministrli­giniň ýolbaşçysy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Türkiýe geljek ýyl­lar üçin has uly mak­satlar goýýar, şol sanda tutuş ýylyň dowamynda ýyllyk syýahatçylyk ýurduna öwrülip, 20­28-nji ýylyň ahyryna çenli syýahatçylykdan 100 milliard dollar girdeji alar. "Bu hakykatdanam amal ed­ip boljak maksat " -diýdi.

2022-nji ýylda Türk­iýä 44,6 million syý­ahatçy geldi, syýaha­tçylyk pudagynyň gir­dejisi 46,4 milliard dollar boldy. Bu ýyl takmynan 60 milli­on syýahatçyny kabul etmegi meýil­leşdiripdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.