BMG-niň Baş Assambleýasy 2024-nji ýyl üçin býujeti kesgitledi

25.12.2023, 18:043,574

BMG-niň Baş Assambleýasy guramanyň geljek ýyl üçin býujetini 3,59 mlrd dollar möçberinde kesgitledi. Bu barada BMG-niň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär.

“Baş Assambleýa Birleşen Milletler Guramasy üçin 2024-nji ýyla býujeti 3,59 mlrd dollar möçberinde tassyklady” – diýlip, beýanda aýdylýar.

Oktýabr aýynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bütindünýä guramasynyň geljek ýyl üçin 3,3 mlrd dollar möçberindäki býujetini Baş Assambleýanyň Bäşinji komitetine hödürledi.
2023-nji ýylda býujetiň möçberi 3,4 mlrd dollar, 2022-nji ýylda 3,1 mlrd dollar boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.