Iki tälimçä «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly at dakyldy

28.12.2023, 04:1028,782

Prezident Serdar Berdimuhamedow sport ýaryşlarynda ýeňiji bolup, baýrakly orunlary eýelän türgenleri taýýarlandygyny göz öňünde tutup, ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly ady dakdy:

  • Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň kuraş görnüşi boýunça tälimçi-mugallymy Dörtguly Tejenowa;
  • Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Lebap welaýat Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Şirin Permanowna Kubaýewa.

Şeýle hem bu tälimçi-mugallymlara 2023-nji ýylda öndürilen, ak reňkli «Toyota Camry V6» kysymly ýeňil awtoulagy sowgat berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.