Aşgabatdan Abu-Dabä amala aşyryljak ilkinji ýolagçy gatnawyna 50%-e çenli arzanladyş yglan edildi

05.01.2024, 00:4729,264

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň 5-ine ýerine ýetiriljek gatnawa uly arzanlaşyk yglan etdi. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berildi.

«Hormatly ýolagçylar! «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň başyndan Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça ýolagçy gatnawynyň ýola goýulmagy mynasybetli, diňe 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň 5-ine ýerine ýetiriljek gatnawa 50% göterime çenli uly arzanladyş yglan edilýär» diýlip, habarda bellenilýär.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Abu-Dabi şäherine hepdäniň anna güni uçuşlary amala aşyrar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.