Alymlar 2024-nji ýyl iň yssy ýyl bolup biler diýip belleýärler

10.01.2024, 09:5421,863

Bu ýyl howa gözegçilikleriň tutuş taryhynda iň yssy ýyl bolup biler diýip, hünärmenlere salgylanýan Bloomberg-iň habar berýändigini RBK ýazýar.

Agentlik 2024-nji ýylda temperaturanyň ýokarlanmagynyň El-Niýo hadysasy - Ýuwaş ummanyň ekwatorial böleginde suwuň üstki gatlagynyň temperaturasynyň üýtgemegi bilen baglanyşykly boljakdygyny ýazýar. Tersine, suwuň üstki gatlagy sowasa, oňa La-Ninýa diýilýär. Iki hadysa hem aýlawly, bitarap faza hem bar.
2023-nji ýylyň temperaturasyna hut  El-Ninýo täsir etdi, Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy (WMO)  ýyly heniz ol tamamlanmanka taryhda iň yssy ýyl diýip atlandyrypdy. Gurama geçen ýylyň ilkinji on aýynda global temperaturanyň senagatdan öňki ortaça görkezijiden 1,4 dereje ýokary bolandygyny belläp geçdi. Britaniýanyň meteorologiýa gullugy 2024-nji ýylda temperaturanyň bu görkezijiden geçip, 1,5 dereje bolmagynyň mümkindigini aýtdy. Alymlaryň bellemegine görä, El-Ninýonyň täsiri astyndaky ikinji ýyl köplenç birinji ýyldan has ýyly bolýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.