Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygyna käýinç yglan edildi

14.01.2024, 17:1937,857

Türkmenistanyň Prezidenti Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy Ýolamanow Serdargeldi Gurbangeldiýewiçe käýinç yglan etdi. 

Serdar Berdimuhamedow degişli Buýruga 13-nji ýanwarda gol çekdi. Resminamada bellenilişi ýaly, käýinç wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, tabynlygyndaky düzümlere gözegçiligi gowşadyp, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerine ýetirilen ýol gurluşyk işlerinde kemçiliklere ýol berendigi üçin berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.