2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Owganystanyň haryt dolanyşygy 481 mln dollara ýetdi - HBS

15.01.2024, 10:284,710

2023-nji ýylda Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 481 million dollara deň boldy. Bu barada “Tolonews” internet neşiri Owganystanyň Söwda we senagat ministrligine salgylanyp habar berýär.

Owganystanyň söwda we senagat ministri bilen Türkmenistanyň ilçisi duşuşyp, söwda hyzmatdaşlygy, şeýle hem owgan mermerleriniň Türkmenistana eksporty barada pikir alyşdylar.

"2023-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 481 million dollara deň boldy" – diýip, Söwda we senagat ministrligiň wekili Ahunzade Abdul Salam Jawad “Tolonews” beren beýanatynda habar berdi.

Şeýle hem Owganystanyň wekili Zabiulla Mujahid 2024-nji ýylda eksportyň möçberiniň artjakdygyny belledi. Owganystanyň Söwda-maýa goýum edarasy Türkmenistanyň Owganystan bilen söwda gatnaşyklaryna işjeň gatnaşýandygyny belledi.
Söwda we senagat ministrliginiň maglumatyna görä, elektrik energiýasy, nebit we tebigy gaz Türkmenistanyň Owganystana amala aşyrýan eksportynyň esasyny düzýär, şol bir wagtda Owganystan Türkmenistana esasan hem mermer, guradylan ir-iýmişler, ýeralma we alkogolsyz içgileri iberýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.