Microsoft oýun bölüminiň işgärleriniň 8%-ini azaltmak kararyna geldi

28.01.2024, 16:392,834

Microsoft korporasiýasy özüniň Microsoft Gaming-iň wideo oýun bölüminiň düzümine girýän Activision Blizzard, Xbox we ZeniMax kompýuter oýunlarynyň döredijilerinden 1,9 müň işgäri azaldar. Munuň kompaniýanyň işgärleriniň umumy sanynyň 8 göterimidigini The Verge portalyna salgylanýan TASS habar berýär.

“Microsoft Gaming-iň we Activision Blizzard-yň ýolbaşçylary durnukly çykdajy gurluşy bilen bitewi ösüş strategiýasyna we anyk meýilnama eýe bolmaga borçlanýar […] Bu işiň çäginde 22 müň adamdan ybarat oýun bölümimizden 1,9 müň adam azaltmak üçin kyn karara geldik” diýip,  Microsoft Gaming-iň başlygy Fil Spenseriň hatyna salgylanýan portal onuň sözlerini getirýär.

Bu hatdan görnüşi ýalyişden çykarmaklyk, esasan, Activision Blizzard-yň işgärlerine täsir eder.
Mundan başga-da, Microsoft-da 20 ýyldan gowrak işlän Maýk Ibarra Activision Blizzard-yň başlygy wezipesinden gider we kompaniýanyň baş dizaýneri hem-de esaslandyryjysy Allen Adam hem işden çykar.
Microsoft geljek hepde Activision Blizzard-yň täze prezidentiniň adyny yglan etmegi meýilleşdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.