Türkmen diplomaty Moskwada Kipriň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

07.02.2024, 12:525,092

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Moskwada Kipr Respublikasynyň Russiýadaky we Türkmenistandaky ilçisi Kipros Ýorgallis bilen duşuşdy. 

Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary döwletara hyzmatdaşlygy barada pikir alyşdylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy habar berýär. 
Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini bellediler. Umuman, duşuşyk, dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçirildi.
Kipros Ýorgallis Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi hökmünde resmi ýagdaýda 2023-nji ýylyň maý aýynda akkreditirlendi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.