Xiaomi 14 smartfonynyň dünýä bazaryna çykaryljak senesi yglan edildi

08.02.2024, 07:434,031
1 / 2

Köp çaklamalardan we syzdyrylan maglumatlardan soň, Xiaomi ahyrsoňy dünýä bazarynda Xiaomi 14 seriýaly smartfonlaryň satuwa çykaryljak senesini resmi taýdan yglan etdi.

Xiaomi-niň esaslandyryjysy we baş direktory Leý Szýunyň X sosial ulgamyndaky habaryna salgylanýan  mobile-review.com-yň ýazyşy ýaly, Xiaomi 14 smartfonynyň global wersiýasy 2024-nji ýylyň 25-nji fewralynda yglan ediler.
Agzalan seneden çen tutsaň, çäre Barselonada geçjek MWC sergisiniň çäginde geçiriler.
Smartfonlar bilen bir hatarda kompaniýa planşetleriň indiki neslini - Xiaomi Pad 7-ni hem görkezer diýlip garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.