Xiaomi-niň esaslandyryjysy Leý Szýun kompaniýanyň baş müdiri wezipesinden aýryldy

09.02.2024, 00:026,586

Xiaomi-niň esaslandyryjysy we baş direktory Leý Szýun baş direktorlyk wezipesinden gidýändigini habar berdi. Ol bu kompaniýa 2010-njy ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýärdi diýip, Ferra  habar berdi.

Leý Szýun baş müdir bolan döwründe Xiaomi-ni dünýäde smartfon we beýleki elektronika önümlerini öndürýän öňdebaryjy kompaniýalaryň birine öwürdi.
Indi ol brendiň awtoulag ugruny ösdürmäge ünsüni jemlemek, hususan-da, häzirki wagtda ýol synaglaryndan geçýän Xiaomi SU7 elektrik awtoulagynyň satuwa çykarylmagyna taýýarlyk görmek isleýär.
Leý Szýun Weibo sosial ulgamyndaky habarynda smartfonlary ösdürmegiň kompaniýa üçin ileri tutulýan ugur boljakdygyny, ýöne Xiaomi-niň awtoulag ýaly, beýleki ugurlary hem işjeň ösdürmegini dowam etdirjekdigini aýtdy.
Baş direktoryň wezipesini indi Lu Weýbin ýerine ýetirer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.