Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda mekdepleri we çagalar bagyny gurmak barada resminama gol çekildi

12.02.2024, 07:498,376

Aşgabat şäheriniň häkimligi Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda umumybilim berýän mekdepleriň we çagalar bagynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşar.

Munuň üçin ygtyýar berýän Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň fewralynda başlamak we umumybilim berýän mekdepleri hem-de çagalar bagyny 2025-nji ýylyň sentýabrynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.