Ýaponiýa dünýäniň üçünji ykdysadyýeti adyny ýitirdi

16.02.2024, 13:217,912

Ýaponiýa 2023-nji ýylyň jemi boýunça nominal JIÖ-iň möçberi boýunça dünýäde üçünji ykdysadyýet ornuny Germaniýa berdi. Bu barada RIA Nowosti agentligine salgylanyp, lenta.ru habar berýär.

Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň maglumatlaryna görä, geçen ýyl ýurduň nominal JIÖ-i inflýasiýa düzedişler girizmezden 591,48 trillion ýena (takmynan, 4,21 trillion dollar) barabar boldy. 2023-nji ýylda Germaniýanyň nominal JIÖ-i bolsa, takmynan, 4,46 trillion dollara barabar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.