Aşgabatda täze awtomobil köprüsi gurlar

08.03.2024, 10:0022,166

Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew köçesi bilen “Täze zaman” ýaşaýyş toplumyna barýan awtomobil ýolunyň kesişýän ýerinde täze awtomobil köprüsi gurlar. Köprini gurmak boýunça halkara bäsleşik geçirildi.

Bu barada wise-premýer B.Annamämmedow 7-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda halkara ölçeglere laýyk gelýän ýokary hilli awtomobil ýollaryny we köprüleri gurmak hem-de durkuny täzelemek işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutany Aşgabat şäherinde täze awtomobil köprüleri gurlanda, döwrebap binagärlik-gurluşyk talaplaryndan ugur alynmalydygyny nygtap, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.