Döwletjan Ýagşymyradowyň täze garşydaşy we tutluşygynyň senesi belli boldy

12.03.2024, 05:4432,182
1 / 2

MMA-nyň 34 ýaşly türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow (21-7-1) 12-nji aprelde Las-Wegasda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder. Onuň garşydaşy sloweniýaly Jeýkob Nedo (8-1) bolar. Söweş promouşeniň resmi saýtynda anons edildi.

Ýarym agyr agramda söweş PFL-2024 Gran-prisiniň bir bölegi bolar, bu ýerde söweşijiler çempionlyk guşagy we 1 mln dollar üçin göreşýärler.

Ýagşymyradow Bellator 300 ýaryşynda geçirilen soňky söweşinde polşaly Maseý Rozanskini ýeňdi.

PFL (Professional Fighters League) öňdebaryjy amerikan söweş promouşenleriniň biridir. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda gurama Bellator-y satyn aldy. 2021-nji ýyldan bäri Bellator-da çykyş eden Ýagşymyradow indi PFL-iň sanawyna goşuldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.