Kataryň Milli kitaphanasyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Magtymguly Pyragynyň kitaplary gowşuryldy

12.03.2024, 21:3614,691

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary hem-de beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy dabaraly ýagdaýda Kataryň Milli kitaphanasyna gowşuryldy.

Bu dabara Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Katardaky ilçihanasy habar berdi.
Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasynyň açylan gününden bäri türkmen diplomatlary Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek ugrunda tagalla edýär.
Türkmenistanyň resmi wekilleri birnäçe gezek kitaphana baryp görüp, olaryň ýolbaşçy düzümi bilen gepleşikler geçirdi.
Kataryň Milli kitaphanasy Ýakyn Gündogaryň iri edebiýat çeşmeleriniň saklanýan ýeridir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.