“Türkmenistan” awiakompaniýasy Londona gatnawlaryň ýygylygyny artdyrýar

19.03.2024, 17:0310,971

“Türkmenhowaýollary” Aşgabat – London/Gatwik ugry boýunça gatnawlaryň tertibine üýtgeşmeleriň girizilendigini habar berdi. Bu barada AeroRoutes belleýär.

2024-nji ýylyň 1-nji maýyndan (sene üýtgäp biler) awiakompaniýa ikinji hepdelik gatnawy goşmagy meýilleşdirýär.
Öň, AeroRoutes türkmen awiakompaniýasynyň uçarlarynyň Londonyň Hitrou (LHR) däl-de, Gatwik (LGW) howa menzilinde gonuşy amala aşyrjakdygyny habar berdi.
Täzelenen maglumatlara görä, bu gatnaw üçin hyzmat 6-njy aprelde başlar.

T5423 ASB1200 – 1510LGW 73H 3
T5427 ASB1230 – 1540LGW 77L 6

T5424 LGW1655 – 0300+1ASB 73H 3
T5428 LGW1705 – 0255+1ASB 77L 6

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.