Tähranda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan sergi gurnaldy

20.03.2024, 13:163,745
1 / 2

16-nji martda Türkmenistanyň ilçihanasy Tähranda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Medeniýet instituty bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäre gurady diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Çärä Eýranyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet we yslam ugry ministrliginiň wekilleri, Medeni artefaktlaryň we ýadygärlikleriň Eýran assosiasiýasynyň wise-prezidenti Alireza Habibi, «АVА» halkara diplomatiýa žurnalynyň Tähran bölüminiň ýolbaşçysy, Eýranda Türkmen medeni merkeziniň ýolbaşçysy Ali Rahbar, ylmy intelligensiýanyň görnükli wekilleri gatnaşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.