Lebap welaýatynda gury gurluşyk garyndylaryny öndürjek “Türkmen gips” hojalyk jemgyýeti dörediler

23.03.2024, 23:3514,737

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň    Köýtendag kän müdirligi hem-de “Ak bulut” hojalyk jemgyýetiniň paýly gatnaşmaklarynda “Türkmen gips” hojalyk jemgyýetini döretmek teklip edilýär. Bu barada wise-premýer B.Annamämmedow şenbe güni Hökümet mejlisinde habar berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklarda giňden  ulanylýan asma potoloklaryň, sinklenen metal profilleriň, profil aksessuarlaryň we gury gurluşyk garyndy materiallaryň önümçiligi ýola goýuldy.
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Dostluk şäheriniň çäginde dörediljek bu täze bilelikdäki kärhanada ýylda 250 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny we 20 million inedördül metr gipsokarton önümlerini öndürmek göz öňünde tutulýar, bu bolsa täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.