30 milliondan gowrak adam ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasynyň şaýady boldy (Fotolar)

10.04.2024, 00:1625,007
1 / 12

Duşenbe güni, 8-nji aprelde doly Gün tutulma hadysasy bolup geçdi. Ony Meksikanyň, ABŞ-nyň 15 ştatynyň we Kanadanyň, şeýle-de Ýuwaş we Atlantik ummanlaryndaky käbir adalaryň ýaşaýjylary görüp bildi diýip, Bi-Bi-Si habar berýär.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, umuman, 30 milliondan gowrak adam tutulma hadysasynyň şaýady boldy, bu bolsa, mysal üçin, 2017-nji ýyldakydan üç esse köpdür. Bu gezek doly Gün tutulma döwri 4 minut 28 sekunt dowam etdi. Bu pursat Aý Gün diskini doly ýapyp, Ýeriň bir bölegini garaňkylyk gurşap aldy.
SpaceX-iň ýolbaşçysy Ilon Mask Gün tutulmanyň orbitadan nähili görnendigi barada wideo çykardy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.