8:1. «Galkan» Aşgabatdaky hokkeý ýaryşynyň birinji oýnunda Bahreýniň toparyny ýeňdi

15.04.2024, 18:0712,708
1 / 4

Türkmenistandan "Galkan" hokkeý kluby Aşgabatda şu gün badalga alan hokkeý boýunça halkara ýaryşynyň birinji tapgyrynda Bahreýnden «Bahrain Ice Hockey Club» toparyny 8:1 hasap bilen ýeňdi.

"Galkanyň" hokkeýçileri oýnuň 3-nji minudynda hasaby açdylar, birinji ýarymyň ahyrynda bolsa 5:0 utup gelýärdiler. Ikinji ýarymda bahreýnliler aratapawudy azaldyp bildiler, emma üçünji ýarymda hasap 8:1-e ýetdi.
Toparlaryň ikisi hem A toparda çykyş edýär.
Ýaryş 20-nji aprele çenli dowam eder.

Birinji oýun gününiň beýleki netijeleri:
А topar:

  • «Feniks» (Özbegistan) – «Oman Nationals» (Oman) - 11:3

B topar

  • «Aqmola» (Gazagystan) – «Team-Turkiye» (Türkiýe) - 5:3
  • «ADIHIC-Kazan» (Tatarystan Respublikasy, RF) – «Dordoi» (Gyrgyzystan) - 8:3
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.