Türkmenistanyň woleýbolçylary CAVA Milletler ligasynyň finalyna çykdylar

17.05.2024, 12:037,489

Türkmenistanyň milli woleýbol ýygyndysy Şri-Lankanyň toparyny 3:0 hasabynda utup, Merkezi-Aziýa woleýbol konfederasiýasynyň (CAVA) Milletler ligasynyň finalyna çykdy.

Duşuşyk 16-njy maýda ýaryşyň geçirilýän ýeri bolan Yslamabatda geçdi. Türkmen woleýbolçylary tälimçi Serdar Täçnazarowyň ýolbaşçylygynda üç setde-de örän gowy oýun görkezip, garşydaşlara ýeňiş gazanmaga mümkinçilik goýmadylar. Oýun 25-22, 25-19 we 25-19 hasabynda tamamlandy.
Şu gün, 17-nji maýda geçiriljek finalda Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýaryşyň ýer eýesi bolan Pakistanyň topary bilen duşuşar. Oýun 16:30-da başlar.
Belläp geçsek, ýaryşa alty topar gatnaşýar: Eýran, Şri-Lanka, Owganystan, Türkmenistan, Gyrgyzystan we Pakistan.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.