Aşgabadyň gününde Çoganlyda 136 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlary açylar

18.05.2024, 03:1020,743

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli täze desgalaryň we binalaryň açylyş dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer B.Annamämmedow 17-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Hususan-da, Bagtyýarlyk etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň hem-de Çoganly ýaşaýyş toplumynda 136 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyşy meýilleşdirilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak medeni çärelere hem-de açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.