Türkmenistandan üç boksçy Olimpiýa oýunlaryna ýollanma almak ugrunda Bangkokda ýaryşa çykýar

25.05.2024, 13:0710,054
1 / 2

Türkmenistandan üç türgen şu gün, 25-nji maýda Bangkokda başlaýan boks boýunça 2-nji Bütindünýä Olimpiýa saýlama ýaryşlaryna gatnaşar.

Tailandyň paýtagtyndaky ýaryş 133 ýurtdan 579 boksçyny ýygnar, olar 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlary üçin 51 ýollama ugrunda göreşerler.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş edýär:

-          Şükür Öwezow (57 kg çenli)

-          Saparmyrat Ödäýew (63,5 kg çenli)

-          Baýramdurdy Nurmuhammedow (71 kg çenli)

Şükür Öwezow we Baýramdurdy Nurmuhammedow Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplarydyr. Saparmyrat Ödäýew Balkanabadyň 3-nji sport mekdebinde tälimçi bolup işleýär.

Bije çekişigiň jemi boýunça Şükür Öwezow ilkinji söweşini Saud Arabystanyndan Zyýat Ali Majraşi bilen geçirer. Bu söweşiň ýeňijisi indiki tapgyrda Karlo Paalam (Filippinler) – Alekseý Lagkazaşwili (Gresiýa) tutluşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar.

Saparmyrat Ödäýew Gonkongdan Kon Çin Li bilen söweşer. Ýeňiş gazanan ýagdaýynda Wu Tan Dat (Wýetnm) – Sendbaatar Erdenebat (Mongoliýa) söweşiniň ýeňijisi bilen duşuşar.

2022-nji ýylda Hançžouda (Hytaý) geçirilen tomusky Aziýa oýunlarynyň bürünç baýrakçysy Baýramdurdy Nurmuhammedow Mongoliýadan 27 ýaşly Býamba-Erdene Otgonbaatara (2022-nji ýylyň Aziýa çempionatynyň bürünç baýrakçysy) garşy söweşer. Bu tutluşygyň ýeňijisi ikinji tapgyrda Nişant Dew (Hindistan) – Armando Bigafa Bigate Naae (Gwineýa-Bisau) söweşiniň güýçli türgeni bilen duşuşar.

Bangkokdaky ikinji Bütindünýä Olimpiýa saýlama ýaryşlary boksçylar üçin Olimpiada-2024-e ýollama almak üçin soňky mümkinçilikdir.

Parižde boks boýunça Olimpiýa ýaryşlary 27-nji iýuldan 10-njy awgust aralygynda “Rolan Garrosda” we “Arena Pari Nordda” geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.