Apple geljekki iPhone we iPad-yň ekranlarynyň epininiň çyzygyny aýyrmak üçin Samsung bilen LG-ä ýüz tutdy

10.06.2024, 14:028,078

Apple geljekki enjamlarynyň eplenýän ekranlarynyň işlenip düzülmegi üçin Samsung Display we LG Display kompaniýalaryna ýüz tutdy.

Samsung täze iPhone üçin niýetlenen 7-8 dýuýmlyk panel döreder. Epiniň 2 gönüşi bolar: keseligine we dikligine.
LG Display bolsa täze iPad üçin 10 dýuýmlyk eplenýän ekran döreder.
Şeýle-de bolsa, Apple eplenýän enjamlary çykarmaga howlukmaýar. Kompaniýa, Samsung we LG-iň enjamlaryň ekranlaryndaky epiniň göze görnüp duran çyzygyny aýyrmaklaryna garaşýar.
Gürrüňrlere görä, smartfonyň 20 ýyllygy mynasybetli eplenýän iPhone 2027-nji ýylda çykyp biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.